#wirtual pul
Explore tagged Tumblr posts
azadik · 7 years ago
Text
Kripto pullar risk mi?
Men ykdysadyýetçi däl, ýöne ykdysadyýet hakynda bir bilýän zadym bar, arz-talap meselesi, otyň-çöpiň hem bahasyny ýokarlandyryp bilýär. Müňkürlik bilen garaýanlar, bu pul birliginiň fiziki bolmaýyşy, ony uly risk ýaly görkezýär. Adaty kompýuter programmalary ýa-da websaýtlary ýaly bir zat pikir edýän bolmaklary mümkin. Blockchainiň işleýişine doly düşünseler, howpsuzlygynyň ýokary derejededigine düşünip pikirleri üýtgemegi mümkin. Blockchain tehnologiýasy nähili işleýär? Men bu ýerde tehniki terminler bilen düşnüksiz zatlar ýazjak däl. Mysal bilen düşündireýin; bir bankda duran kassa göz öňüne getireliň, kassada pul geçirim işleri bolup geçýär. Kassada kassir ýok, pul hem ýok, gije-gündiz açyk, müňlerçe adam kameradan kassanyň içinde bolýan zatlary ýazdyryp otyr. Kameranyň diňe bir häsiýeti bar olam adamlaryň ýüzüni görkezenok. Biri pul geçirmäge barýar: Asdfghjkl kassa geldi we kameralara seredip: "Men Zxcvbnm-den telefon aldym we onuň adyna 2 Manat geçirýärin" - diýdi. Kamerada ýazyp oturan müňlerçe adam barlady, Asdfghjkl-niň adyna 10 Manady bar we soňra 2 Manat Zxcvbnm-niň adyna geçirdiler. Geçirimi "123456789" belgi bilen hasaba aldylar. Müňlerçe kameranyň öňünde edilen işi hiçkim dawa edip bilmez. Iň soňky ýazgylara görä hasaplarda; Asdfghjkl - 8 Manat Zxcvbnm - 2 Manat Elbetde bu ýerde kamera ýazgylaryny hiçkim haýyr-sahabat üçin edenok, kamera ýazdyrýanlar hyzmat tölegini alýar. Bu hekaýada; Bank - Internet Kassa - Blockchain Manat - Kripto pullar (BTC, ETH, LTC....) Kamera ýazgylary - Blockchain explorer Kamera ýazdyrýanlar - Minerler, şahtýorlar Asdfghjkl, Zxcvbnm - Kimdigi näbelli kripto pul hasaplary 123456789 - Geçirim (Transaction) nomerleri Görüşiňiz ýaly bu pulyň belli bir merkezi ýok, kontrol öz-özünde. Hiçkim bu meniň bankym diýip bilenok. Ykdysady tarapy nähili? Akademiki analizleri ykdysadyýetçiler etsinler, men halkyň içinden biri hökmünde, milionlarça adamyň şeýle-de maşgalamyzyň başyna gelen bir waka bilen käbir deňeşdirmeler etmekçi. SSSR-iň men diýen döwründe hiçkim ýykylar diýip pikir edenokdy. Gyzyl 10-lyk diýseň ähli adam hümmetini bilýärdi. Gün geldi we ýykylmaz diýilýän ýurdyň ykbalyny 1 adam ýykdy ýok etdi. Ýykylanyndan soň halkyň elindäki pulyň hümmeti hiçzat bolup galdy. Bir ömür azap edip çagalarynyň gelejegi üçin jemlänje zadyny 1 adamyň ýalňyş karary netijesinde hiçzat bolup galdy. Bu mysaly Bitcoin üçin pikir edeli. 1 adam däl, 10 adam karar aldy diýeli, Bitcoiny ýok etjek bolýarlar. Näme edip bilerler? Müňlerçe kamera kimde näçe Bitcoin barlygyny ýazyp oturan ýerinde, 10 adamyň öz kameralaryndaky ýazgylary pozmasynyň nähili täsiri bolup biler? Bu, adamlaryň näme üçin inwest edýändigi hakynda pikir berse gerek. Howpsuzlygy üpjün edilen. Puluň hümmeti 1 adama ýa-da 10 adama bagly däl. Bir karar merkezi ýok, karary milionlarça adam berýär. Bu wagt 1300-den gowurak kripto pul görnüşi bar we Bitcoin diňe biri. Hersiniň aýratyn ideýasy bar. Haýsyna inwest etjek bolsaň pikirlerini, ideýalaryny öwrenip şoňa görä hereket etse bolar. Fiziki pulyň bolmaýyşy adamlaryň ynanmagyny kynlaşdyrýar. Bir gün ähli merkez banklary birleşip kripto pullary ýok etme kararyny alsalar, bularyň ählisiniň bahalary peseler, ýöne az salymdan ýene ýokarlanjagy mälim. Sebäbi bu ýagdaý eýýäm birnäçe gezek gaýtalandy. Meniň şahsy pikirim uzak möhletleýin goýumlar üçin kripto pullary ulanmak amatly bolar, özüňize bolmasada çagalarymyz üçin puluňy howpsuz görnüşde saklamak üçin gowy pikir. Elbetde bu kripto pullar arasynda "scam" diýilýän, adamlaryň pullaryny ogurlamak üçin edilýänler hem bar. Inwest etmezden öň doly ynamdarlygyna göz ýetirmeli. Ynamdar bolmaýanlar belli bir merkeze bagly bolanlardan çykýar (centrelized) . Ýagny täze çykan bir kripto puly satyp belli bir girdeýji edeninden soň, sistemany ýapyp göýberýär. Ýöne merkezi bolmaýanlar (decentralized) howpsuz.
2 notes · View notes
azadik · 7 years ago
Text
Bitcoin näme?
Bitcoin, kripto pul ýa-da wirtual pul. Belgisi BTC. Aslynda Bitcoin diýilýän zadyň nämedigine düşünmek üçin ilki bilen blockchain tehnologiýasynyň nämedigini bilmeli.
Bockchain tehnologiýasynyň işleýişini öwrenmek maksady bilen Bitcoin gapjyk açyp 1 BTC bahasy 7100$ wagty 0.01 BTC alypdym. Makalany okap, “Özüniň Bitcoin-i bar öýdýän, öwýär welin” diýen pikir gelmesin. 1 BTC bahasy 50.000$ bolan güni meniň Bitcoinim 500$ bolýar, inwestimi etdim garaşýaryn. :D. Bu ýerde esasan, oýlanyp tapylan täsin we ajaýyp tehnologiýa bolan haýranlygymy dile getirýärin. Meniň pikirimçe, 21-nji asyryň iň uly açyşy.
Blockchaine iň ýakyn bolup biljek mysal Torrent. Internetde torrentden bir kino almak isleseňiz, şol bir wagtyň özünde, şol kino kimiň kompýuterinden paýlaşylýan bolsa, kiçi bölekler bilen siziň kompýuteriňize indirip birleşdirýär. Bir torrent faýly şol kinonyň kiçi bölekleriniň nirededigini haýsy adreslerden alynjagyny içinde saklaýar. Ol adresler biziň ýaly internet ulanyjylarynyň adresleri. Her kimden bir bölek indirýär we birleşdirýär. Blockchain hem edil şolar ýaly, öz içinde / internetde gezip ýören birnäçe maglumatlar (datalar) bar we bu maglumatlar kodlanan, görmek üçin özüňe degişli maglumatyň paroly gerek. Ol maglumaty doly pozmak mümkin däl sebäbi ol müňlerçe ýerde saklanan. Ýasama (fake) etmek mümkin däl sebäbi onuň transfer maglumatlary (transactions) ýene müňlerçe kompýuterde saklanýar. Bu saklanýan ýerler seniň, meniň ýaly internet ulanyjylaryň kompýuterlerinde. Maglumat diýýän zadymyz ana şol ady belli Bitcoin. Bu Bitcoin blockchain içinde hereket edýän maglumat modellerinden diňe biri.
Geleli Bitcoiniň çökmegi-beýgelmegi meselesine. Kimde Bitcoin bar bolsa aslynda özi bir Bitcoin bankynyň filialy bolýar. Ol ýerdäki Bitcoin mukdaryny we gelen giden mukdaryny özi kontrolda saklaýar. Özünden başka hiçkim bilip bilenok, ýöne pul geçirimlerini hemmeler kodlanan görnuşde görüp bilýär. Bitcoinyň bir filialyny doly ýapdyň diýeli, ýenede oňa täsiri bildirenok. Bahasy näçe bolar diýen tema bolsa ekonomistleriň meselesi :)
Has düşnükli bolar ýaly şeýle düşündireýin; Meselem dünýäde ulanylýan adaty pullaryň geçirimleri (transfer) şol pul birliginiň degişli bankynyň üstünden aýlanýar. Dünýäniň niresinden iberýäniň ýada niresine iberýäniň tapawudy ýok, eger dollar geçirsen ABŞ merkez bankyna baryp şol ýerden alyja barýar. Manat - Türkmenistanyň merkez banky, Rubl - Rossiýanyň merkez banky. Şeýlelik bilen merkez banklar, özüne degişli walýutanyň dünýädäki ähli hereketlerini görüp bilýär. Mysal: Maksat Rossiýadaky Pawel dostuna dollar iberjek bolýar. Maksadyň Türkmenbaşybankda hasaby bar, Paweliň bolsa Sberbankda hasaby bar.
Türkmenbaşybank (Maksat) 1030$ -> 
ABŞ Merkez Bank 30$ -> 
Sberbank (Pawel) 1000$
Puluň kimden kime haçan näçe mukdarda geçenligini Türkmenbaşybank, ABŞ Merkez banky, Sberbank bilýär. Bu banklar pul geçirim hyzmaty üçin hersi üstünden belli bir % alyp galmagy mümkin. Pawel eger hyzmat ýa-da haryt üçin pul alan bolsa salgyt tölemegi mümkin. ABŞ Rossiýa bilen $-da söwda etmegi gadagan eden bolsa Türkmenbaşybanka jerime salmagy mümkin we.ş.m
Bitcoin nähili işleýär? Belli merkezi ýok, her kim öz pulunyň banky. Pul geçirimlerinde senden maňa göni geçýär (peer-to-peer). Haçan näçe mukdar geçenini herkim görüp bilýär, ýone kime kimden geçenini hiçkim bilip bilmeýär. Mysal (Öz alan Bitcoinymyň maglumatlary): Bu ýerden barlap bilersiňiz.
Bitcoin hasap –> Blockchain –> Bitcoin hasap
Bir Bitcoin hasaby beýleki bir Bitcoin hasabyna BTC iberýär. Arada Blockchain hyzmat tölegi alýar we galany alyja düşýär. Blockchainiň alýan ol hyzmat tölegini aslynda minerler (sözlük manysy şahatçy, şahtýor, magdançy) alýar. Ýagny siziň iberen Bitcoiniňizi 5-6 miner tassyklanyndan soň geçýär. Miner kimler? Her kim miner bolup bilýär, bu aýratyn tema, indiki makalada nesip bolsa :). Görüşüňiz ýaly kimden kime geçýänligi belli däl, ýöne geçirim maglumatlary bütin dünýä, herkime açyk.
Sorag-Jogap 1. Düýp serweri (kompýuteri) öçürseler Bitcoinlar näme bolýar? - Düýp serwer diýen zat ýok, her kim Bitcoinlaryny öz kompýuterinde, telefonunda, kagyzda, fleshkada saklaýar. Men hiçkime ynanamok pulum ogurlanmasyn diýseň kagyz gapjyk ýasap şoňa geçirip saklap bilersiňiz.
Başga soraglaryňyz bolsa sosial ulgamlardan, ýada aşakda sorap bilersiňiz, makala goşmaçalar girizeris.
0 notes